Sepleriň elýeterliligi

Rio: Irlandiýanyň Olimpik geňeşi bikanun bilet satmakda güman edilýär


Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň başlygy Pat Hikeý

Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň başlygy Pat Hikeý

Braziliýanyň polisiýasy Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň (OCI) bikanun bilet söwdasynda güman edilýän üç resmisiniň pasportlaryny elinden aldy.

Agzalan resmiler Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň ýerine ýetiriji müdiri Stephen Martin, baş sekretary Dermont Henihan we maliýe resmisi Kewin Kilty.

Rio de Janeirodaky Olimpia oýunlarynyň soňky güni 21-nji awgustda Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň edarasyna geçirilen reýdiň dowamynda kompýuterler, mobil telefonlar we olimpik ýaryşlaryna satylmadyk biletler ele salynypdyr.

Hiç kim tussag edilmändir.

Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň aýtmagyna görä, onuň käbir resmilerinden 23-nji awgustda polisiýa bölümine sorag edişlige barmak talap edilipdir.

Bu reýd geçen hepdede Irlandiýanyň Olimpik geňeşiniň başlygy Pat Hikeý we Halkara Olimpia komitetiniň agzasynyň tussag edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG