Sepleriň elýeterliligi

Gazak oppozisioneri ÝB-niň özüne ýardam berendigini aýtdy


Wladimir Kozlow, Almaty, 22-nji awgust, 2016

Wladimir Kozlow, Almaty, 22-nji awgust, 2016

Gazagystanyň “Algha” (Öňe) oppozision partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow özüniň möhletden ir boşadylmagynyň Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) gatnaşmagynda mümkin bolandygyny aýtdy.

Kozlow tussaglykdan boşadylmagyndan üç gün geçensoň 22-nji awgustda Almatyda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda ÝB-niň we Ýewropa Parlamentiniň oňa tussag astynda bolan wagtynda “adam bolup galmaga” mümkinçilik döredendigini aýtdy.

Kozlow 2011-nji ýylyň dekabr aýynda nebit pudagynyň işgärleriniň Žanaozen şäherinde geçiren iş taşlaýyşynda rol oýnamakda aýyplanyp, 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda tussag edilipdi.

Žanaozendäki durnuksyzlyklarda polisiýa azyndan 16 adamy atyp öldürdi, 100 çemesi adam ýaralandy.

2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Kozlow sosial durnuksyzlygy tutaşdyrmakda günälendi we ýedi ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.

ÝB-niň resmileri we adam hukuklaryny goraýjy guramalar Gazagystanyň hökümetini Kozlowy boşatmaga çagyryp çykyş edipdi.

22-nji awgustda Eýranyň daşary işler ministrligi Hamadan howa bazasynyň Orsýetiň howa güýçleri tarapyndan ulanylmagynyň häzirlikçe bes edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG