Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyklar eýýäm 2 ýarym aý öňünden başlandy. Paýtagtyň ozalky “Lokomatiw”, häzirki “Dagdan” stadionynda geçirilýän çärelere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşýar.
Agşam sagat 16:00-dan 20:00-a çenli dowam edýän “marşirowkalar” barada Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.