Sepleriň elýeterliligi

Rio oýunlary karnawal bilen tamamlandy


Rio-2016 Olimpia oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir pursat.

Rio-2016 Olimpia oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir pursat.

Rioda geçen Olimpiada oýunlary karnawala meňzeş şagalaň bilen Marakana stadionynda tamamlandy.

Halkara Olipmiada komitetiniň başlygy Tomas Bah Günorta Amerikada ilkinji gezek geçen Olimpiada oýunlarynyň 16 günlük güýç synanyşkdan soňra resmi taýdan tamamlandygyny yglan etdi.

Olimpiada ody öçürilmeziniň öňýanynda Bah: "Bu ajaýyp şäherde geçen ajaýyp Olimpiada boldy. Birleşen Braziliýa biziň hämmämiz üçin kyn döwürde özüniň durmuşa bolan gaýduwsyz şatlygy bilen dünýäni ruhlandyrdy" diýdi.

Indiki oýunlar 2020-nji ýylda Tokioda geçer. Şol sebäpden Olimpiada baýdagy Halkara Olipmiada komitetiniň başlygy tarapyndan, Tokionyň gubernatory Ýuriko Koike gowşuryldy.

Täjigistan ilkinji altyn medalyny aldy

Rio Olimpiadasynda ýatdan çykmajak pursatlar boldy. Mysal üçin, amerikaly ýüzüji, 31 ýaşly Maýkel Felps oýunlara täzeden goşulyp, bäş altyn medal we bir kümüş medal almak bilen özüniň olimpik oýunlarynda iň köp medal bilen sylaglanan sportçydygyny ýene bir gezek subut etd.

Dünýäniň iň ýüwrük adamy jamaýkaly, 30 ýaşly Usain Bolt hem ýene üç sany altyn medal aldy.

Kosowoly Majlinda Kelmendi aýallaryň jýu-do bäsleşiginde alym medal alyp, Olimpiada medalyny gazanan ilkinji kosowoly bolmak bilen Balkan ýurdy üçin täze Olimpiada tarhyny döretdi.

Täjigistanly Dilşod Nazarow erkekleriň arasynda ýekedaban zyňmak ýaryşynda Merkezi Aziýanyň bu ýurduna Olimpiadadan ilkinji altyn medaly getirdi.

Kimia Alizadeh taekwonda ýaryşynda bürünç medal alyp, Olimpiada medalyny gazanan ilkinji eýranly aýal boldy.

Orsýetli sportçylar 56 medal gazandylar

Ýöne oýunlaryň gidişinde gelşeksiz pursatlar hem bolman durmady. Mysal üçin, erkekleriň jýu-do ýaryşynda öz ysraýylly garşydaşyndan ýeňlen müsürli Islam El-Şehebi onuň bilen elleşmekden ýüz öwürdi.

Howpsuzylyk taýdan aladasyz bolmasa-da, Rioda başga bir uly oňaýsyz hadysa ýok. Ýöne Orsýetiň jedelli doping meselesi oýunlarda häli-şinde nägilelik döretdi.

Medal gazanmakda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Britaniýadan we Hytaýdan soňra dördünji bolmak bilen orsýetli sportçylar jemi 56 medal gazandylar; 19 altyn, 18 kümüş hem 19 bürünç. 2012-nji ýylda Londonda geçen Olimpiada ýaryşlarynda bolsa 82 medal gazanypdylar.

Orsýet tarapdan Rio oýunlaryna gatnaşan sportçylaryň sany azaldyldy. Bu ýurduň takmynan 120 sportçysyna oýunlara gatnaşmaga rugsat berilmedi. Muňa hem sebäp bolan Bütündünýä anti-doping agentliginiň çykaran hasabaty. Hasabatda Orsýetde sportçylaryň gadagan dermanlary sistemalaýyn ulanýandygy aýdyldy.

Rio olimpiadasynyň ahyrky güni Özbegistan boksda iki altyn medal gazandy.

Azerbaýjanly Hetag Gazýumow 97 kilogram agramda, erkin göreşde kümüş, özbegistanly Magomad Ibragimow hem bürünç medal aldy.

Gazagystanly Iwan Dyçko hem boksda bürünç medal bilen sylaglandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG