Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio 2016: Medallar sanalýar


Rio-2016 Olimpia oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir pursat.
Rio-2016 Olimpia oýunlarynyň gutardyş dabarasyndan bir pursat.

Braziliýada XXXI Tomusky Olimpia oýunlarynyň esasy bölegi tamamlandy. Käbir säwlikleriň bolandygyna garamazdan, Oýunlaryň üstünlikli geçendigini, gazanylan ýeňişleriň ýokarydygyny aýdýarlar.

Ýurduň paýtagty Rio-de-Žaneýroda Oýunlaryň ýapylyş dabarasy boldy.

Indi ol ýerde öňki geçen oýunlara laýyklykda maýyplar üçin Paralimpiada geçiriler. Häzir bolsa medallar hem gazanylan üstünlikler sanalýar.

Medally döwletler

Bu Oýunlarda gaty köp ýurt medal gazanyp bildi. Sebäbi onda sportyň ýüzlerçe görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi.

Aýratyn öňe saýlanan 20 döwletiň ady dünýä jemgyýetçiliginiň dilinden düşmeýär. Olar medal sany boýunça şeýle orun eýelediler; ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Orsýet, Germaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Awstraliýa, Italiýa, Kanada, Günorta Koreýa, Braziliýa, Niderlandiýa, Täze Zelandiýa, Azerbaýjan, Ispaniýa, Gazagystan, Wengriýa, Daniýa hem Keniýa döwletler has öňe saýlandylar.

Bu sanawda biziň goňşularymyzdan jemi 18 medal gazanyp bilen Azerbaýjany, 3 altyn, 5 kümüş, 9 bürünç; jemi 17 medala eýe bolan Gazagystany görmek aýratyn ýakymlydyr.

Ýokary derejedäki sanawa girmeseler-de, Türkmenistanyň goňşulary bolan Özbegistan, Eýran, Täjigistan ýaly döwletler hem örän gymmatly altyn we beýleki medallary gazanyp bildiler.

Gynansak-da, Türkmenistan boş galdy.

Bahanalar barada

Ýeri gelende, milletler barada hem aýtmak gerek. Sebäbi köplenç “olar köplük, olarda türgen köp, şonuň üçinem köp medal gazanýarlar” diýen sözi eşidip bolýar. Ol dogry, köp milletden köp pälwanyň çykjagy hak. Ýöne bu esasy bahana däl.

Dünýäniň iň köp medal gazanan 20 döwletiniň arasynda ilat sany 10 milliondan az bolan Azerbaýjan, Wengariýa, Daniýa hem Täze Zelandiýa ýaly döwletlere üns bermek gerek.

Eger resmi maglumatlara salgylansak, Daniýanyň ilat sany Türkmenistanyňkydan sähelçe artyk. Täze Zelandiýanyň liat sany Türkmenistandan million adam çemesi az.

Beýleki bir şerti-de ýatlamak gerek. Türkmenistan SSSR-iň düzüminde bolan döwründe sportyň ösmeýändigini howa şertleri bilen düşündirýänler bardy. Türkmenistanyň howa şertleri tomsuna aşa yssy bolup, gyşyna gury aýaz, bu bolsa türgenleriň ýetişmegi üçin amatly şert däl diýilýärdi. Indi görsek, Türkmenistanyň daş-töweregindäki goňşulary altyn medallary gazanyp bilýärler. Ýeňijileriň arasynda has yssy ýa-da güneşli günleri örän az bolan döwletlerem bar. Ýöne Türkmenistandan ýeňiş gazanaýjak türgen ýetişmeýär.

Beýleki tarapdan, türkmenleriň baý tebigaty bar. Ol toprakda deňiz çyrpynýar, derýalar akyp dur. Daglar asmana depesini direýär, onda çägeli ýerlerem, takyrlaram ýeterlik. Garaz, hiç bir ýeňşe ýetip bilmedik Türkmenistan üçin onuň tebigaty asla bahana bolup bilmese gerek.

Hemmeler üçin saglyk

Sporta saglygyň esasy girewi hökmünde garaýarlar. Şonuň üçin ol ähli ýaşdaky ynsanlara gerekli. Öňler sport meýdançalarynyň alnynda “Stadion diňe çempionlar üçin däl” diýen ýazgy bolardy. Bu hakykatdanam şeýle, sport hemmelere degişli bolmaly.

Biz ýene XXXI Tomusky Olimpia oýunlarynyň geçen ýerlerini ýatlasak, ol meýdançalarda Dünýä hem Olimpiýa rekordlary täzelendi. Iň kämil türgenler altyn medallara mynasyp boldular. Indi az wagtlyk arakesmeden soň, şol meýdançalarda, 7 – 18-nji sentýabr aralygynda paralimpiada (iňlisçe - Paralympic) ýaryşlary başlanýar.

Bu Oýunlara maýyplar gatnaşýarlar. Olar öz deňleri bilen güýç synanyşyp, ýeňiş gazanýarlar.

Dogrusyny aýtsak, olaryň ýaryşyna seretmek belli derejede gözgyny bolsa-da, başarnygy akylyňy haýran edýär. Sebäbi olaryň başarnygy özüni sagdyn saýýan köp-köp adamyň elinden gelmeýär. Olar ynsan güýjüniň nähili çäksizdigini, hatda maýyplykdan, betbagtlykdan hem ýokarydygyny subut edýärler.

Eýsem şol ýaryşlara Türkmenistandan wekil, has takygy türgen gatnaşyp bilermi?

Bu barada resmi maglumat berilmeýär. Ýöne, gaty gynansak-da, Türkmenistanda maýyp az däl.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG