Sepleriň elýeterliligi

Kann plýažynda burkini gadaganlygy


Musulman zenanlary.

Musulman zenanlary.

Fransiýanyň Kann şäheriniň döwlet organlary ol ýerdäki plýažlarda burkinili suwda ýüzmegi gadagan etdiler.

Burkini – musulman aýal-gyzlarynyň suwda ýüzende geýýän geými, ol bedeni depeden topuga çenli ýapýar.

"ABC News"-iň habaryna görä, şäheriň häkimi Dawid Lisnar şeýle geýmiň ahlak kadalaryna, sekulýar prinsiplere we şol bir wagtyň özünde hem howpsuzlyk bilen bir hatarda gigiýena kadalaryna gabat gelmeýändigini nygtaýar. Ol şonuň ýaly-da dini aýratynlyga eýe bolan plýaž geýminiň jemgyýetçilik düzgünini hem bozup biljekdigini öňe sürýär.

Burkini geýen raýatlara 38 ýewro möçberinde (42 Amerikan dollary) jerime salnypdyr.

Gadaganlyk

Mälim bolşuna görä, bu gadaganlyk 15-nji iýulda Nitsada we 26-njy iýulda hem Sent-Etýen-de-Ruwre şäherindäki buthanada bolan partlamadan soň güýje girizilipdir.

Zenanlaryň bedenini tutuşlygyna ýapýan hyjap geýimleri Fransiýada baryp 2011-nji ýylda gadagan edilipdi. Şeýle gadagandan soň birnäçe musulman zenan öz dini azatlygynyň bozulýandygyny aýdyp, kazyýete arza bilen ýüz tutupdy. 2014-nji ýylyň iýul aýynda bolsa Ýewropanyň adam hukuklary sudy Fransiýanyň hökümetiniň girizen gadagançylygyny tassyklady. Fransiýada burka (dini geýim) geýene 150 ýewro möçberinde jerime berilýär.

Burkini geými, Awstriýada ýaşaýan liwanly, 39 ýaşyndaky Aksed Azetti tarapyndan 2008-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr. Özi musulman bolan Aksediň aýtmagyna görä, irki döwürde ol saç oňarýan ussat dellek bolmagy arzuw edipdir. Ýöne soň, musulman aýal-gyzlara kömek etmek aladasy onuň ykbalyny üýtgedipdir. Şeýlelikde ol, musulman zenanlar üçin sport geýimleri we suwda ýüzülende geýilýän burkini geýmini oýlap tapypdyr.

"Hyjap musulman zenanlary kemsidýär

Fransiýada Nikolýa Sarkoziniň häkimiýet başynda bolan döwründe hyjaba berlen "Hyjap musulman zenanlary kemsidýär, olary göýä zyndanda ýaşaýan ýaly ýagdaýa salýar we olary özygtyýarlylykdan mahrum edýär" diýen kesgitleme bilen hyjabyň gadagan edilendigine aýratyn üns çekilýär.

Ýöne amerikan antropology we "Näme üçin fransuzlar hyjaby halamaýarlar?" atly kitabyň awtory Con Bouen, owalky prezident Sarkoziniň ýaňky aýdan sözleri barada öz pikrini şeýle ýazýar: "Ol musulman zenanynyň geýmini yslam ekstremizmi sebäpli ýüze çykan problemalaryň hötdesinden gelmek üçin öz bähbidine ulanýar. Hyjabyň zenanlara zulum berýändigi barasynda anyk deliller ýok. Bu diňe bir subutsyz söz".

Muňa garamazdan Fransiýada prezident Sarkoziniň döwründe yslam dininiň eginbaşlary we hyjap mekdeplerde gadagan edildi. Soňra-da ýüzülýän howuzlarda burkinili suwda ýüzmek gadagançylygy girizildi.

XS
SM
MD
LG