Demografik deňsizlik
BACK TO TOP

Demografik deňsizlik

25 ýyl garaşsyzlykdan soň, öňki sowet respublikalarynyň käbirleri ilat sany boýunça iň pes derejesine ýeten mahaly, käbirleri özüniň rekord derejesini başdan geçirýärler. Bu demografik ösüş barada taýýarlanan infografik.

Ilat: Yza gaýtma

Çeşme: Bütindünýä banky

Öňki sowet respublikalarynyň köpüsinde ilat sanynyň pese gaçmagy geň galdyryjy derejä ýetdi. Ukraina 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alany bäri öz ilatynyň 6 milliondan gowragyny ýitirdi. Şol bir wagtda, bu döwürde Baltik döwletleri öz ilatynyň jemi 20 prosentini ýitirdi. 2009-njy ýylda Orsýetiň ilaty 142 milliondan hem pese gaçypdy, ýöne migrasiýanyň we önelgeliligiň artmagy bilen bu görkeziji ýene ýokarlandy. Kawkaz döwletlerinde Ermenistanyň we Gürjüstanyň ilat sany azalan mahaly, Azerbaýjanda köpeldi.

Merkezi Aziýa döwletleri bolsa, örän üýtgeşik maglumatlary berýär. Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlara esaslanýan ilat sanynyň artýandygy aýdylyp, munuň taryhy derejesine ýetendigi bellenilýär. Gazagystanyň ilatynyň sany bolsa, soňky on ýylyň dowamynda etniki ruslaryň we nemesleriň ýurtdan gitmegi netijesinde belli bir derejede pese gaçdy. Emma önelgeliligiň artmagy netijesinde gazaklaryň sany, umuman, artýar.

Migrasiýa: Orsýetiň ýaryşy

Çeşme: "Pew barlag merkezi"

Öňki sowet respublikalaryndan bolan migrantlaryň aglabasy Orsýete barýarlar. Bu migrantlaryň köpüsi öňki Sowet Soýuzy döwründe başga ýurtlara dargadylan etniki ruslar bolup, olar öz maşgalalary, dogan-garyndaşlary bilen gaýtadan birleşmäge çalyşýarlar. Şol bir wagtda, käbir migrantlar bolsa, Orsýete bilim almak ýa-da ykdysady mümkinçilikleri aramak üçin gidýärler.

Umumy bir dilde gepleşmek we sosio-medeni häsiýetler öňki sowet respublikalaryndan gelen migrantlaryň Orsýeti saýlap almagyna itergi berýän faktorlaryň biri.

Önelgelilik: Peselýär

Çeşme: Bütindünýä banky

1980-nji ýylda Sowet Soýuzy çaga dogumyny artdyrmak boýunça ählumumy syýasaty kabul etdi. Ol hem Orsýetde çaga dogumynyň derejesini artdyrypdy. Ýöne bu diňe wagtlaýyn ösüş bolupdy. Öňki Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde ähli öňki respublikalarda çaga dogumynyň sany birden pese gaçdy. Çagalar baglarynyň ençemesi ýapyldy ýa-da hususylaşdyryldy. Ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gymmatlamagy, köp çagaly maşgalalary lapykeç edipdi.

25 ýyldan soň Orsýet Ýewropada önelgelilik derejesi boýunça iň ýokary derejelerde ýerleşýär. Merkezi Aziýa döwletleri önelgelilik derejesi boýunça aşaklamany başdan geçirdi. Ýöne bu regionyň bäş ýurdundaky önelgeliligiň derejesi garran adamlaryň öwezini dolmak derejesinden ýokarrak boldy. Önelgelilik derejesi ilatyň ösüşindäki ýa-da aşaklamagyndaky esasy faktorlaryň biri bolup durýar.

Ömrüň dowamlylygy

Çeşme: Bütindünýä banky

2015-nji ýylda Türkmenistanda ömrüň dowamlylygy 65 ýaş bolsa, bu görkeziji Estoniýada 75 ýaşdan hem ýokary. Öňki sowet respublikalarynda ömrüň dowamlylygy dürli-dürli bolup, bu ugur boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Şengen zonasynyň agzasy Estoniýa, Latwiýa we Litwa öňürtüligi saklaýarlar. Emma bu döwletler ilat sany boýunça ýiti derejede kemelmäni başdan geçirýär. Bu ugurda Orsýet we Gündogar Ýewropa ýurtlary aralyk derejede ýerleşýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa, ömrüň dowamlylyk derejesi pes bolup, ilatyň ösüş derejesi ýokarlygyna galýar.

Geljek: Üýtgeýän täsir

Çeşme: BMG

Demografik peseliş hökümetleri alada goýýar. Sebäbi onuň geosyýasy agram, ykdysady kuwwat we harby gaýratlylyk bilen berk baglanyşykly bolmagy mümkin.

Bir wagtlar 50 milliondan gowrak ilaty bolan Ukrainanyň ilat ýitgisinden ejir çekmegi dowam etdirjege meňzeýär we ol bu babatda öňümizdäki on ýyllyklarda Özbegistany ozup geçer. Öňümizdäki ýyllarda immigrasiýa Orsýetiň ilat sanynyň kemelmeginiň haýallamagyna ýardam berer. Diňe Merkezi Aziýa we Azerbaýjan, musulmanlaryň agdyklyk edýän döwletleri öňki Sowet Soýuzynyň galan bölegine täsir ýetirjek demografik tupana döz geler.