Sepleriň elýeterliligi

BMG: Mosuldaky harby çäreler bir milliondan köp adama täsir edip biler


Kürtleriň "Peşmerga" söweşijileri, Mosul

Kürtleriň "Peşmerga" söweşijileri, Mosul

BMG-niň bosgunlar boýunça agentligi (UNHCR ) Yragyň Mosul şäherini “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň elinden almak boýunça harby çäreler sebäpli bir milliondan gowrak adamyň oturan ýerlerini terk etjegini çak edýändigini aýtdy.

“Mosulda adamlaryň göçmegi bilen bagly ýagdaýyň hasam ýaramaz bolmagy mümkin, diýip hasap edýäris”, diýip BMG-niň bosgunlar boýunça agentliginiň metbugat-wekili Adrian Edwards 23-nji awgustda aýtdy.

Onuň bu çykyşy Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň howa hüjümlerine daýanyp, söweşijileriň elindäki giňişlikleri öz gözegçiligine geçirmek boýunça çärelerine gabat geldi.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri demirgazykda birnäçe obany öz eline geçirdi we Mosula ediljek esasy hüjümiň öňüsyrasynda YD-nyň elindäki Kaýýarah şäherini eýelemäge taýýarlanýarlar.

XS
SM
MD
LG