Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Tussag syýasatçynyň maşgalasy ýitirim edildi


Muhammadali Hait we Ibrohim Usmonow, seminarda, 22-nji dekabr, 2013
Muhammadali Hait we Ibrohim Usmonow, seminarda, 22-nji dekabr, 2013

Täjigistanda tussaglykda saklanýan oppozisiýa agzasynyň aýaly we ogly ýitirim boldy, diýip olaryň garyndaşlary habar berýärler.

Muhammadali Haýitiň garyndaşlarynyň 23-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bir gün öň raýat geýimine geýnen ençeme adam syýasatçynyň Duşenbedäki öýüne baryp, onuň aýaly Sawriniso Juraýewany we 17 ýaşly ogly Firuzy alyp gidipdir.

Şondan bäri olaryň nirededigi nämälim galýar.

Garyndaşlaryň aýtmagyna görä, Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň resmileri olar barada habar berjegini başda wada beren hem bolsalar, indi maglumat bermekden ýüz öwürýärler.

Täjigistanda gadagan edilen “Täjigistanyň gaýtadan döreýiş” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Haýit we partiýanyň başlygynyň ýene bir orunbasary Saidumar Husaini iýun aýynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Duşenbäniň sudy olary öňki goranmak ministri Abduhalim Nazarzodanyň geçen ýylyň sentýabr aýynda häkimiýeti basyp almak boýunça ýaragly synanyşygy amala aşyrandygy aýdylýan wakany gurnamakda günäli tapdy.

Ýurduň daşynda ýaşaýan “Täjigistanyň gaýtadan döreýiş” partiýasynyň başlygy Muhiddin Kabiri aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG