Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rio: Orsýetiň Paralimpia oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edildi


Orsýetiň Paralimpia komitetiniň başlygy Wladimir Lukin, Moskwa, 7-nji awgust, 2016.
Orsýetiň Paralimpia komitetiniň başlygy Wladimir Lukin, Moskwa, 7-nji awgust, 2016.

Orsýetiň indiki aýda Rioda boljak Paralimpia oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edildi.

Sport bilen bagly arz-şikaýatlara garaýan suduň (CAS) 23-nji awgustda çykaran karary Halkara paralimpia komitetiniň Orsýetiň paralimpia toparynyň oýunlara gatnaşmagyna girizen gadagançylygyny güýjünde galdyrdy.

Şweýsariýada ýerleşýän suduň beýannamasyna görä, Orsýet Halkara paralimpia komitetiniň kararyndan şikaýat edip, suda ýüz tutanda “karar üçin esaslara ters gelýän hiç hili subutnama getirmändir”.

Halkara paralimpia komiteti Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň beren subutnamalarynyň Orsýetiň dopinge garşy halkara düzgünlerini berjaý etmeýändigini görkezýändigini aýtdy.

Orsýet 7-18-nji sentýabrda Rio de Janeiroda geçiriljek oýunlara özüniň paralimpia sportsmenleriniň gatnaşdyrylmazlygynyň syýasat bilen baglydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG