Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti sport ýolbaşçysyna käýinç berdi


Döwletiň guramaçylygyndaky sport çäresi, Türkmenistan
Döwletiň guramaçylygyndaky sport çäresi, Türkmenistan

Türkmenistanyň Sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy K.Seýidowa we wise-premýer S.Toýlyýewe berk käýinç berildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 22-nji awgustda eden tankydy cykyşynda, hususan-da paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda döwre laýyk sport merkezleriniň, stadionlaryň we bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň gurulýandygyny, sport pudagynyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilýändigini aýdyp, “netijäniň öňküsi ýaly ýokary däldigini” belledi.

“Hatda şeýle şertleriň döredilmeginde-de atletler Watanyň ynamyny ödäp bilmediler, Ata watanynyň sport abraýyny galdyrmak, biziň ýaşyl baýdagymyzy galdyrmak üçin elinden geleni edip bilmediler” diýip döwlet mediasy prezident G.Berdimuhamedowy sitirleýär.

Türkmenistan 5-21-nji awgustda Braziliýanyň Rio de Janeiro şäherinde geçirilen Olimpia oýunlaryna dokuz sany sportsmen iberdi we hiç bir baýraga eýe bolmady.

XS
SM
MD
LG