Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Belarusy Annamyradowy boşatmaga çagyrýar


Çary Annamyradow
Çary Annamyradow

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy (HRW) Belarusyň häkimiýetlerinden türkmen dissidenti 58 ýaşly Çary Annamyradowy boşatmagy talap edýär.

Bir aý mundan öň Minskiň aeroportunda tussag edilen Annamyradow Belarusyň paýtagtynyň SIZO-1 atly deslapky tussaghanasynda saklanýar.

2003-nji ýylda Şwesiýada syýasy gaçybatalga alan Annamyradowa Türkmenistana tabşyrylmak howpunyň abanýandygy aýdylýar.

HRW guramasy 20-nji awgustda ýaýradan öz beýannamasynda “Olar öňki žurnalist Annamyradowy dessine boşatmaly we hiç bir ýagdaýda ony Türkmenistana bermeli däl” diýip ýazýar we “ol tussaglykda gynamalaryň we rehimsiz daralmagyň pidasyna öwrüler” diýip belleýär.

Annamyradow 2002-2003-nji ýyllar aralygynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bolup işläpdi.

XS
SM
MD
LG