Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý türkmen gazynyň importyny artdyryp bilermi?


Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak boýunça çäre, 31-nji maý, 2010.
Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak boýunça çäre, 31-nji maý, 2010.

Hytaý Türkmenistandan gaz importynyň möçberini artdyryp, ony ýylda 65 milliard kubometre ýetirmek isleýär, diýlip media maglumatlarynda habar berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýa ýylda 40 milliard kubometr çemesi gaz akdyrýar. Iki ýurduň özara gaz söwdasy 2009-njy ýylda işe girizilen uzynlygy 1800 kilometrden gowrak Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly amala aşyrylýar.

Hytaýyň türkmen gazynyň importyny artdyrmak baradaky planlarynyň başa barmagy üçin şu günki gün nähili mümkinçilikler bar? Azatlyk Radiosy bu barada “Dünýäniň tebigy gazy” atly ýewropaly neşiriň baş bilermeni Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Roberts, Hytaýyň Türkmenistandan 65 milliard kubometr gazy satyn almak isleýändigi aýdylýar. Bu türkmen gazynyň bir hyrydara satylmagy boýunça rekordly mukdar bolup biler, şeýlemi?

Jon Roberts: Türkmenistanyň Hytaýa 2020-nji ýyla çenli ýa-da biraz irräk, ýylda 65 milliard kubometr gaz akdyrmaga mümkinçiligi bar. Munuň üçin birnäçe mümkinçilik bar.

Birinjiden, Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň önümi paýlaşmak boýunça şertnamasy bar. Şeýle hem onuň gaz önümçiligi hem gazy Hytaýa eksport etmek üçin hukugy bar. Emma has möhümi, bu şirketiň “Galkynyş” gaz ýatagyndaky önümçilige gatnaşmaga hukugy bar. Başgaça aýdylanda, hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ägirt uly möçberli gaz önümçiligine düýpli gatnaşýarlar. Bu gaz bolsa göni Hytaýa eksport edilip bilner.

Iş ýüzünde Hytaý türkmen gazynyň esasy hyrydary bolup galýar. Sebäbi häzir Eýrana satylýan gazyň möçberi örän ujypsyz bolup, ýylda 4-5 milliard kubometrden geçmeýär. Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasy hem ýatyryldy. Orsýet türkmen gazyny mundan beýläk satyn almak islemeýändigini geçen ýylyň aýagynda açyk duýdurdy.

Azatlyk Radiosy: Emma 65 milliard kubometr diýilýäni ägirt uly mukdarly gaz. Hem ýurduň häzirki gaz önümçiligi, hem-de bar bolan gaz geçirijileri nukdaýnazaryndan şunça gazy akdyrmak näderejede mümkin?

Jon Roberts: Başdaky plana görä, “CNPC” 2020-nji ýyla çenli agzalan mukdardaky gazy satyn almagy göz öňünde tutulmandy. Şeýle mukdarda gazy eksport etmek üçin, Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegi göz öňünde tutulypdy. Bu gaz ýatagynyň näderejede üstünlikli özleşdirilýändigi bize mälim däl. Emma bellenmeli mesele, Türkmenistan geçen ýylda Gündogar-Günbatar içerki gaz geçirijisini gurup, Hytaýa gaz eksportyny artdyrmak boýunça goşmaça mümkinçilige eýe boldy. Ýurduň Hazardaky gaz ýataklaryny gury ýer gaz ýataklary bilen baglanyşdyrýan bu gaz geçiriji Hazar deňzindäki gaz serişdeleriniň hem Hytaýa akdyrylmagyna ýol açýar.

Azatlyk Radiosy: Bu teoriýada şeýle, emma iş ýüzünde nähili mümkinçilikler bar?

Jon Roberts: Meniň öz garaýyşyma görä, Türkmenistan gaz eksportyny merkezi gaz ýataklaryndan, "Galkynyşdan" we hytaý şirketleriniň özleşdirýän gaz ýataklaryndan üpjün etmäge synanyşar. Hytaý üçin gaz çeşmesi hökmünde şol ýataklara ünsi gönükdiriler.

XS
SM
MD
LG