Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: ABŞ-Orsýet harby hyzmatdaşlyk gepleşikleri tamamlanýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň aýtmagyna görä, "Yslam döwleti" atly jeňçi toparyň garşysyna alnyp barylýan söweşde, Amerika bilen Orsýet arasynda harby hyzmatdaşlyk barada barýan gepleşikler tamamlanyp gelýär.

"Biz häzir gepleşikleriň barşy bilen meşgul. Men bu gepleşikleri haýsy hem bolsa, bir ýol bilen netijeli soňlarys diýip umyt edýärin" diýip, Jon Kerri 22-nji awgustda Kenýa eden saparynda aýydy.

Ol: "Ýöne bu karar biz geljekki birnäçe günlükde nirede bolsak, şoňa laýyk bolar" diýdi.

Kerriniň bellemegine görä, Siriýadaky manysyz hereketler uzak wagt bäri dowam edýär. Şol sebäpden Siriýaniň režimini goldaýan ýurtlar - Orsýet bilen Eýran - şeýle hem oppozisiýanyň tarapyny çalýan döwletler - Birleşen Ştatlar we Orta gündogarly ýaranlar - söweşi soňlamak üçin bir ýere jemlenmeli.

Türk harbylarynyň nyşanalary

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary "Yslam döwletine" we Al-Kaýda bilen ilteşikli Al-Nusra frontyna urulýan howa zarbalaryny koordinirlemek üçin, gizlin maglumatlary Orsýet bilen paýlaşmagy teklip etdi. Siriýanyň harby howa güýçleri hem aram gozgalaňçy toparlara hüjüm etmegi bes etmeli.

Bu aralykda Türkiýe Siriýa bilen aralykdaky serhediň boýunda Amerika tarapyndan goldalýan kürt militantlarynyň, şeýle hem "Yslam döwletiniň" pozisiýalaryna zarba urdy.

Türk harbylary 23-nji awgustda "Yslam döwletiniň" we kürt ÝPG militantlarynyň Jarablus we Manbij şäherlerindäki ýerlerini nyşana aldylar.

Hökümet Türkiýäniň günortasynda bolan gandöküşikli hüjümde ekstremistleriň eliniň bardygyny aýdanyndan soň, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 22-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda, ýurduň Siriýa bilen bolan serhet etraplary "Yslam döwleti" atly terroristik topardan "bütinleý arassalanmaly" diýdi.

Atyşyklara dyngy berilmegi

20-nji awgustda janyndan geçen bir hüjümçiniň Gaziantep şäherinde bir toýda partladan bombasy 53 adamynyň başyna ýetip, onlarça adamy ýaralady.

21-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan üstümizdäki ýyl iň köp adamyň ölümine sebäp bolan bu hüjümiň jeňçi toparyň gatnaşmagynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde 22-nji awgustda Siriýa boýunça geçen maslahatda üns merkezinde duran ýaralanyp, gorkudan ýaňa aňk-taňk bolan we suraty dünýäni sarsdyran aleppoly oglanjygyň agyr ýagdaýy boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bir resmisi bilen Geňeşiň agzalarynyň uly bölegi gozgalaňçylaryň elinde bolan şäherde adamlara zerur kömekleri ýetirmek üçin atyşyklara dyngy berilmegini sorap çykyş etdiler. Aleppony ençeme aý bäri Siriýanyň hökümet güýçleri gabawda saklaýar.

“Çagany öz çagyňyzyň ýerine bir goýup görüň”

Edilen çykyşlarda geňeşiň ähli agzalary diýen ýaly ýüzi ganly bäş ýaşlyja Omran Dakneşiň şäherdäki weýrançylygyň nyşanyna öwrülen suratlaryna salgylandylar.

Omran bilen onuň maşgala agzalary geçen hepde bolan harby zarbadan soňra daşlaryň aşagyndan çykaryldy. Onuň on ýaşly dogany Ali düşen ýaralardan 20-nji awgustda aradan çykdy.

"Diňe birje salym dyngy, aýylganç uruşdan başga hiç bir zady görmedik bu çagany öz çagyňyzyň ýerine bir goýup görüň" diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar işler bölüminiň başlygy Stefan O'Brien aýtdy.

O'Brien öten hepde gumanitar kömek üçin Orsýet tarapyndan teklip edilen arakesme bilen hemme taraplar ylalaşmasa, Aleppo "gumanitar betbagtçylyga" öwrüler diýip duýduryş etdi.

XS
SM
MD
LG