Sepleriň elýeterliligi

Tükiýe serhet ýakasyny YD toparyndan arassalaýar


Türkiýäniň harby tehnikasy, Türkiýäniň Siriýa bilen serhedindäki Karkamis şäheri, 24-nji awgust, 2016.

Türkiýäniň harby tehnikasy, Türkiýäniň Siriýa bilen serhedindäki Karkamis şäheri, 24-nji awgust, 2016.

Tükiýe we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Siriýa bilen serhedindäki esasy şäheri “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijilerinden arassalamak boýunça harby çärelerine başladylar.

24-nji awgustda irden başlanan çäräniň dowamynda Türkiýe serhet-aşyr Jarablus şäherini top ýaraglaryndan oka tutdy, yzýany türk uçarlary YD toparynyň nyşanlaryna hüjüm etdiler, diýip Türkiýäniň mediasy habar berdi.

“Türkiýäniň ýaragly güýçleri we Halkara koalisiýasynyň ýardamçy güýçleri Aleppo welaýatynyň Jarablus şäherini Daesh terrorçy guramadan arassalamak maksatly harby operasiýany geçirdi” diýip Türkiýäniň premýer-ministriniň edarasynyň beýannamasynda YD toparynyň başgaça ady ulanyldy.

Bu çäre ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň Ankara planlaşdyran sapary bilen barmagynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Biden 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşykdan soň Türkiýä sapar eden iň ýokary derejeli amerikan resmisi boldy.

XS
SM
MD
LG