Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trumpyň geňeşçisi Timoşenkonyň garşysyna işledi diýilýär


ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Trumpyň kömekçisi Paul Manafort, Nýu Ýork, 17-nji awgust, 2016.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Trumpyň kömekçisi Paul Manafort, Nýu Ýork, 17-nji awgust, 2016.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Trumpyň saýlaw kampaniýasynyň kömekçisiniň 2012-nji ýylda Ukrainanyň syýasy oppozisiýasynyň lideri Ýuliýa Timoşenkony tussaglykdan boşatmak boýunça tagallalary gowşatmak ugrunda iş alyp barandygy aýdylýar.

“The Associated Press” agentligi Trumpyň kampaniýasyny alyp baran geňeşçisi Paul Manafortyň we onuň orunbasary Rick Gatesyň dolandyrmagyndaky maslahat beriji şirketiň Ukrainanyň Regionlar partiýasy bilen işleşendigini we 2012-2014-nji ýyllaryň aralygynda Birleşen Ştatlarda Timoşenko jemgyýetçilik goldawyny gowşatmak üçin köp million dollarlyk kampaniýa gatnaşandygyny habar berýär. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Timoşenkony syýasy tussag diýip ykrar edipdi.

Manafort onuň Ukrainanyň orsýetçi partiýasynyň we öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň bähbitlerini arandygy baradaky çaklamalaryň peýda bolmagynyň yzýany geçen hepdede Trumpyň kampaniýasyny dolandyrmak işiň başyndan çekildi.

2007-2010-njy ýyllarda Ukrainanyň premýer-ministri bolan Ýuliýa Tymoşenko 2010-njy ýylda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp tussaglyga höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG