Sepleriň elýeterliligi

Täjik parlamenti amnistiýa barada kanuny tassyklady


Täjigistanyň parlamenti, Duşenbe, 2016

Täjigistanyň parlamenti, Duşenbe, 2016

Täjigistanyň parlamenti prezident Emomali Rahmonyň geçen hepdede teklip eden amnistiýa baradaky kanunyny tassyklady.

24-nji awgustda parlamentiň aşaky öýüniň kabul eden kanun 12 müňden gowrak adamyň ykbalyna täsir ýetirer.

Üç müňden gowrak tussag türmeden boşadylar we dört müňden gowrak adamyň şertli tussag jezasy ýatyrylar, bäş müňden gowrak adamyň tussaglyk möhleti azaldylar.

Adam öldürmek, terrorizm, dini ekstremizm we beýleki agyr jenaýatçylyklarda aýyplananlar amnistiýa düşmeýär.

Köpçülikleýin amnistiýa Täjigistanyň garaşsyzlyk baýramyna gabatlanýar. Täjigistan 9-njy sentýabrda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň 25-nji senesini belleýär.

Adam hukuklary boýunça halkara guramalary täjik hökümetini ýurtda başga pikirdäkilere basyş etmek üçin terrorizme garşy kanunlary ulanmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG