Sepleriň elýeterliligi

Gazak žurnalistiniň işiniň diňlenişigi yza tesdirildi


Sud Seitgazy Mataýewiň işini diňleýär, Astana, 3-nji awgust, 2016

Sud Seitgazy Mataýewiň işini diňleýär, Astana, 3-nji awgust, 2016

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň başlygy we Milli press klubuň ýolbaşçysy Seitgazy Mataýewiň sud diňlenişigi onuň saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli yza tesdirildi.

Seýitgazy Mataýewiň we onuň ogly “KazTAG” agentliginiň başlygy Asetiň korrupsiýa bilen bagly aýyplamalara esaslanýan işine 23-nji awgustda diňlenip başlandy.

Seitgazy Mataew suduň diňlenişiginiň ilkinji güni özüni erbet duýup, gan basyşynyň ýokarlanmagy sebäpli suduň jaýyndan keselhana äkidildi.

Sudýa Akbolat Kurmantaýewiň 24-nji awgustda aýtmagyna görä, sud diňlenişigi 29-njy awgustda dowam etdiriler.

Mataew fewral aýynda tussag edilip, öý tussaglygy astynda alnypdy.

Mataýew we onuň ogly özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ert edýärler. Adam hukuklaryny goraýjy guramlar bu aýyplamalaryň syýasy matlapldygyny aýdýlar.

XS
SM
MD
LG