Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Yrakda Gulene degişli mekdepleri ýapmagy maslahat etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Yragyň kürt regionynyň prezidenti Massoud Barzani (ç) Ankara, 23-nji awgust, 2016
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) we Yragyň kürt regionynyň prezidenti Massoud Barzani (ç) Ankara, 23-nji awgust, 2016

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Yragyň kürt regionynyň prezidenti Massoud Barzani Yrakda türkiýeli dinçi Fethulla Gulen bilen bagly mekdepleri ýapmak meselesini maslahat etdiler.

Ankara Guleni geçen aýda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyny gurnamakda aýyplaýar.

Şeýle-de Erdogan we Barzani 23-nji awgustda Ankarada geçiren duşuşygynda Yragyň demirgazygynda Kandil daglarynda ýerleşýän “Yslam döwleti” toparynyň we “Kürdüstanyň işçi partiýasy” (PKK) toparynyň söweşijilerine garşy göreş meselesini hem maslahat etdiler, diýip prezidentleriň çeşmeleri habar berdiler.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Barzani 15-nji iýulda Türkiýede harby agdarylyşygy amala aşyrmak boýunça synanyşyk bilen baglylykda Erdogana goldaw bildiripdir.

XS
SM
MD
LG