Sepleriň elýeterliligi

Tükiýe serhet ýakasyny YD toparyndan arassalaýar


Türkiýäniň harby tehnikasy, Türkiýäniň Siriýa bilen serhedindäki Karkamis şäheri, 24-nji awgust, 2016.

Türkiýäniň harby tehnikasy, Türkiýäniň Siriýa bilen serhedindäki Karkamis şäheri, 24-nji awgust, 2016.

Siriýanyň hökümeti ýurduň demirgazygynda Türkiýäniň harby çärelerini tankyt etdi. Mundan birnäçe sagat öň Türkiýäniň tanklary Siriýada 2013-nji ýylyň iýul aýyndan bäri “Yslam döwleti” toparynyň” söweşijileriniň elinde bolan territoriýa giripdi.

Siriýanyň serhet ýakasyndaky giňişlikleri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden arassalamak maksatly ABŞ-nyň we Türkiýäniň howa güýçleriniň ýardamy bilen amala aşyrylýan harby çärelere Ankara tarapyndan goldanýan “Siriýanyň azat goşuny” atly toparyň gozgalaňçylary hem gatnaşdylar.

Bu çäre ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideniň prezident Rejep Taýyp Erdogan we premýer-ministri Binali Ýildirim bilen gepleşik geçirmek maksatly Ankara planlaşdyran sapary bilen barmagynyň öňüsyrasyna gabat geldi. Biden 15-nji iýulda başa barmadyk agdarylyşykdan soň Türkiýä sapar eden iň ýokary derejeli amerikan resmisi boldy.

Bideniň Ankara baran wagty Türkiýäniň harby ulaglarynyň serhetden geçip, Siriýanyň demirgazygyna giren pursadyna gabat geldi.

24-nji awgustda irden başlanan harby çäräniň dowamynda Türkiýe serhet-aşyr Jarablus şäherini top ýaraglaryndan oka tutdy, yzýany türk uçarlary YD toparynyň nyşanlaryna hüjüm etdiler, diýip Türkiýäniň mediasy habar berdi.

“Türkiýäniň ýaragly güýçleri we Halkara koalisiýasynyň ýardamçy güýçleri Aleppo welaýatynyň Jarablus şäherini Daesh terrorçy guramadan arassalamak maksatly harby operasiýany geçirdi” diýip Türkiýäniň premýer-ministriniň edarasynyň beýannamasynda YD toparynyň başgaça ady ulanyldy.

XS
SM
MD
LG