Sepleriň elýeterliligi

Prezident sport başlygyna soňky duýduryşyny berdi


Sportçy ýaşlar

Sportçy ýaşlar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli maslahat geçirip, ýurduň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kakabaý Seýidowa “soňky duýduryşyny” berdi.

Türkmen telewideniýesiniň 22-nji awgustda beren maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow ýurtda sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýdyp, türkmen türgenleriniň Braziliýada geçen Tomusky olimpiýa oýunlarynda görkezen netijelerinden nägileliligini bildiripdir.

Resmi habara görä, Sport komitetiniň başlygy K.Seýidow “ýurduň türgenlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerinde goýberen kemçiliklerini” gysga wagt içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadylar.

Şeýle-de prezident wise-premýer S.Toýlyýewiň bu ugurda alyp barýan işlerinden düýpli nägilelik bildiripdir.

Şol bir wagtda goýberilendigi aýdylýan kemçilikleriň gysga wagtda nähili düzedilip bilinjekdigi, ýa-da bolmasa bu kemçilikleriň näme sebäpli ýyldan-ýyla düzedilmeýändigi barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Türkmenistan Braziliýada geçen Tomusky olimpia ýaryşlaryna 9 türgen ýollady, emma olaryň hiç biri medal gazanmady. Bu Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolanyndan soň gatnaşan üçünji olimpia oýunlary bolup, türkmen türgenleri şu wagta çenli hiç bir olimpia medalyny gazanmadyk ýurt bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, türkmen sportunda dowam edýän kemçilikler prezident üçin-de, sportsmenler we olaryň ýerli janköýerleri üçin-de täzelik bolmaly däl.

AFP habar gullugy türkmen prezidentiniň 2012-nji ýylda, London Olimpiadasynda goýberilen şunuň ýaly kemçiliklerden soň, ýurduň şol wagtky sport komitetiniň başlygyny işden aýrandygyny ýatladýar.

Ýene bir bellemeli zat bolsa, Rio oýunlarynda Türkmenistanda doglan, emma golaýda Türkiýäniň raýatlygyny alan we türk baýdagy astynda çykyş eden türkmen atleti Daniýar Ysmaýylow kümüş medal gazandy.

Bu fakt, ýerli sport janköýerleriniň bellemegine görä, Türkmenistanda güýçli türgenleriň hakykatdanam bardygyny tassyklaýar. Olar bu söze delil edip, Orsýetde ençeme futbol komandasyny öňe çykaran tälimçi Gurban Berdiýewi hem mysal getirýärler.

Şol bir wagtda, soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet tarapyndan sport üçin goýberilýän serişdeleriň köpeldilendigi hem jedelsiz, muny gurulýan sport desgalary, sport mekdeplerine satyn alynýan häzirki zaman enjamlary hem tassyklaýar.

Emma bu ilerlemelere garamazdan, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, sport Türkmenistanda, umumy ýaşaýyş-durmuş şertleri zerarly, köpçülikleýin häsiýete eýe bolup bilmeýär we diňe elita ýa-da aýratyn mümkinçiligi bolan adamlara elýeterli bolmagynda galýar.

Bugaýew şaşka boýunça çempion bolan Mustafa Durdyýewiň halkara ýaryşyna gatnaşmagy üçin gerek bolan 6 müň dollaryň il içinden toplanylandygyny ýatlap,döwletden türgenlere goýberilýän serişdäniň başga ýerlere, nädogry adamlara gidýändigine hem ünsi çekýär.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda soňky derejede gurulýan sport desgalaryna, döwlet çärelerinden başga wagt, ýaş adamlaryň goýberilmeýändigi, olaryň köplenç gulply saklanylýandygy barada hem maglumatlar bar.

Türkmenistanda soňky ýyllar sport neşirleriniň köpelendigine, saglyk we sport aýynyň geçirilýändigine, sport wagzynyň güýçlenendigine garamazdan, türkmen sportundaky meseleler barada açyk çekişmeler, söhbetdeşlikler, ekspert pikirleri berilmeýär.

Türkmen türgenleriniň medalsyz dolanan Rio olimpiadasy 2017-nji ýylda Aşgabatda, ýapyk binalarda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öň ýanyna gabat geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG