Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny belleýär


Harby parad, Kiýew, 24-nji awgust, 2016.
Harby parad, Kiýew, 24-nji awgust, 2016.

Ukraina Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümini belleýär. 24-nji awgustda Kiýewiň merkezinde geçirilen harby parad ýurduň harbylarynyň ruhuny galdyrmak we Ukrainanyň Orsýet bilen gatnaşyklaryndaky dartgynlylyk dowam edýärkä ukrainleri köşeşdirmek maksadyna gönükdirildi.

“Garaşsyzlyk bize demokratiýa we azatlyk berdi, graždan mertebesini we milli bütewiligini berdi” diýip prezident Petro Poroşenko baýramçylyk çäresinde eden çykyşynda aýtdy.

Ukrainanyň parlamenti ýurduň garaşsyzlygy baradaky deklarasiýany 1991-nji ýylyň 24-nji awgustynda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öňüni almak maksatly Moskwada agdarylyşyk geçirmek synanyşygyndan birnäçe gün soň kabul edipdi.

2014-nji ýylda Orsýet Ukainanyň Krym ýarymadasyny öz düzümine goşup, gündogar Ukrainada separatizmi tutaşdyrandan soň Ukrainanyň garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri harby häsiýetde geçirilýär.

Ýurduň gündogaryndaky konflikt zerarly 2014-nji ýyldan bäri 9500-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG