Sepleriň elýeterliligi

Italiýa: Ýer yranmasynda 247 adam öldi


Halas ediş toparlary weýrançylyk bolan şäherleriň harabalarynyň arasynda gözleg işlerini alyp barýarlar.

Halas ediş toparlary weýrançylyk bolan şäherleriň harabalarynyň arasynda gözleg işlerini alyp barýarlar.

Merkezi Italiýada güýçli ýer titremesi boldy we häkimiýetler azyndan 247 adamyň wepat bolandygyny, 368 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Italiýanyň Graždan goragy agentligi «entek tapylmaýan adamlaryň hem kändigini» aýdýar.

Halas ediş toparlary weýrançylyk bolan şäherleriň harabalarynyň arasynda gözleg işlerini alyp barýarlar.

24-nji awgustda, ir sagatlarda bolan ýer yranmasynyň güýjüniň6.2 ball bolandygy, Akkumoli, Amatrice, Posta we Arkuata del Tronto şäherlerinde köp jaýlaryň ýykylandygy habar berilýär.

Ýer yranmasy Rimde hem duýuldy. Onuň merkeziniň ýedi ýyl ozal bolan we 309 adamy öldüren 5.9 bally ýer yranmasynyň bolan ýerine, l'Akuila golaýdygy aýdylýar.

"Bu şähere barýan we ondan çykýan ýollar kesildi, şäheriň ýarysy weýran boldy" diýip, Amatrise şäheriniň häkimi Sergio Pirozzi RAI döwlet telewideniýesine aýtdy. "O ýerdäki harabalaryň aşagynda adamlar bar.... Ol ýerde ýer süýşi we köpriniň çökmegi mümkin."

Daglyk ýerlerde, az ilatly ýaşaýyş nokatlarynda hem köp zaýaçylyk bolandygy habar berilýär.

Gran Sasso daglygyndaky gaçybatalganyyň feýsbuk sahypasynda habar berilmegine görä, ýer yranmasy mahalynda ullakan daş bölegi opurylyp gaýdypdyr.

Kursio soňky seýsmiki hadysanyň «gazaply» bolandygyny, ýygjamlygy babatda bolsa l'Akuila ýer yranmasyna «deňeşdirerlikdigini», emma bu gezek ölenleriň sanynyň azrakdygyny aýtdy.

Sebäbi bu ýer yranmasy adamlaryň selçeňräk ýaşaýan ýerlerinde bolupdyr.

XS
SM
MD
LG