Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Janyna kast edýän aýallaryň sany artýar


Gyrgyz gyzy.

Gyrgyz gyzy.

Günorta Gazagystanda öz janyna kast edýän aýallaryň sanynyň göz-görtele artmagy ýurduň resmilerini aladalandyrýar. Olar aýratyn-da ýaş zenanlaryň, näme sebäpden käte hut gaty howsala salýan usulda öz janlaryna kast edýändiklerini bilmäge dyrjaşýarlar.

Bu meselede Dilbar Turymbaýewa bilen bagly hadysa salgylanylýar. Welaýat merkezi Şymkentde gök öňüm bazarynda bir dükanjygy bolan Dilbar 9-njy awgustda özüni otlap, aradan çykdy.

Bu 45 ýaşly zenanyň näme üçin öz janyna kast edendigi belli däl. Ýöne ýerli polisiýa munuň jemgyýetçilik protesti bolmagy mümkin diýilýän çaklamalary ulaltmazlyga synanyşýar.

Polisiýanyň ýokary derejeli derňewçisi Alma Sergazyýewa howsalaly sebäbi bar bolaýmasyn diýip, häkimiýetleriň her bir ýagdaýy doly gözden geçirýändiklerini aýdýar.

"Adamlaryň özlerini öldürmekleriniň sebäpleriniň arasynda edilýän basyş, ýekelik, ykdysady we maliýe kynçylyklary, işsizlik bar diýilmegi ýalňyş däl" diýip Sergazyýewa aýdýar.

Irnik mesele

Ýöne ol, näçe derňese-de, polisiýa Turymbaýewa babatynda bir açyk sebäp tapanok diýýär.

Awtoritar Gazagystanda bular ýaly ýagdaýlar irnik mesele bolup durýar. Bu ýerde Orsýete edilýän eksportyň, nebitden gelýän girdejiniň aşaklamagy netijesinde ykdysady ýagdaý ýaramazlaşdy. Ýöne häkimiýetleriň sosial kynçylyklary ýa halkyň ýagdaýdan närazydygyny ykrar etmek meýli ýok.

Günorta Gazagystanda üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda polisiýa 157 zenanyň özüni öldürmäge synanyşandygyny hasaba aldy. Bularyň arasynda sany iň ýokary bolan ýaşy otuzdan aşakdaky aýallar. Edilen synanyşyklaryň netijesinde 37 aýal öldi.

Günorta Gazagystanda öz janyna kast eden 157 aýalyň 95 sanysynyň ýaşy 30-dan aşakda. Galan 52 aýal hem 35 bilen 45 ýaşyň aralygynda.

2.6 million çemesi ilatly günorta Gazagystan regiony, Turymbaýewa öleninden soňra çykarylan statistika boýunça, ykdysady kynçylyklardan artyk ejir çekýän region däl. Resmi hasabatda aýdylyşyna görä, bu ýerde işsizligiň derejesi ýurtdaky ortaça görkeziji bolan 5.2 prosente ýakyn.

“Öňki adamymyň elinden köp ejir-azap çekdim”

Ýöne region ýurduň has konserwatiw bölekleriniň biri. Ýaş zenanlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak ähtimallygy uly däl. Olar köplenç başlangyç bilimden soňra durmuşa çykarylýar. Gyz alyp gaçmak däbi hem bu regionda ýok bolup gidenok. Şeýdip, gyzlar durmuşa çykmaga mejbur bolýarlar.

17 ýyllap bile ýaşaşan adamsyndan gaçan bir aýal: "Men öňki adamymyň elinden köp ejir-azap çekdim" diýip, Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna gürrüň berýär.

17 ýaşyndaka alnyp gaçylan bu aýal: "Mundan artyk ýaşamaýyn diýip, pikir eden mahallarym köp boldy" diýip, öz başyndan geçenleri gürrüň berýär.

Atakent obasynyň ýaşaýjysy bolan 37 ýaşly zenan, ýokary bilimi bolmansoň, maliýe taýdan öz asla halamaýan adamsyna garaşly bolan aýallaryň biri. Ol häzir Şymkentde bir restoranda aşpez bolup işleýär. Ýaş çagasyna hem ene-atasy seredýär.

"Köp aýallar durnuksyz nika, durnuksyz maliýe ýagdaýlary sebäpli öz janlaryna kast edýärler" diýip, günorta Gazagystanda aýallara gerekli maslahatlary berýan Bahyt Dastankyzy aýdýar.

Günorta Gazagystanyň iş üpjünçiligi we sosial programmalar bölümi regiondaky 57 müň töweregi maliýe taýdan gurpsuz hojalyklara sosial kömek üçin üstümizdäki ýylda 40 million dollardan köpräk serişde goýberendigini bildirýär.

XS
SM
MD
LG