Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Uniwersitete edilen hüjümde 12 adam öldi


Owganystanyň paýtagty Kabuldaky Amerikan uniwersitetine edilen hüjümde azyndan 12 adam, şol sanda ýedi student öldi. 24-nji awgustda agşam başlap, 10 sagat dowam eden hüjümde ýaragly adamlar uniwersitetiň okuw jaýyna hüjüm etdiler.

Resmiler hüjümiň başynda bombaly ulagyň partladylandygyny, onuň yzýany ok atyşygyň bolandygyny we şübheli söweşijileriň okuw jaýynyň diwaryny ýumurandygyny aýtdylar.

Wakanyň bolan mahaly ýüzlerçe student we ýokary okuw jaýynyň işgärleri uniwersitetiň içinde çykgynsyz ýagdaýda gabawda galdylar.

Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň harby maslahatçylarynyň goldawyndaky owgan güýçleri okuw jaýynyň daşyny gabawa alyp, içine girdiler.

Tutuş gije dowam eden ok atyşygyň yzýany, 25-nji awgustda owgan resmileri iki hüjümçiniň öldürilendigini we çaknyşyklaryň tamamlanandygyny aýtdylar.

Kabul polisiýasynyň başlygy Abdul Rahman Rahiminiň aýtmagyna görä, ölenleriň arasynda üç polisiýa ofiseri we iki howpsuzlyk işgäri bar.

Şeýle-de, ol wakada ýaralanan başga-da 35 studentiň we dokuz polisiýa işgäriniň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy. “Uniwersitetdäki 750 çemesi student we ýokary okuw jaýynyň işgäri halas edildi” diýip, Rahimi belledi.

Owganystanyň saglygy saklaýyş ministri ýaralanan arasynda daşary ýurtlylaryň ýokdugyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady. Bu hüjüm "Talyban" hereketiniň söweşijileri özleriniň merkezi hökümete garşy hüjümlerini güýçlendiren wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG