Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Tussaglykdaky syýasatçy häkim saýlandy


“Muttahida Kaumi hereketiniň” agzasy öňki ministr we kanunçykaryjy Wesim Ahtar.
“Muttahida Kaumi hereketiniň” agzasy öňki ministr we kanunçykaryjy Wesim Ahtar.

Pakistanyň iň uly şäheri Karaçi bozgaklyk we terrorizm aýyplamalary bilen häzirki wagt türmede saklanylýan syýasatçyny şäheriň häkimi wezipesine saýlady.

“Muttahida Kaumi hereketiniň” agzasy öňki ministr we kanunçykaryjy Wesim Ahtar şäheriň häkimiýetleri tarapyndan geçirilen ses berişlikde 294 sesden 196-syny aldy.

Ahtar 2007-nji ýylda Karaçi welaýatynyň ýerli ministri wezipesini ýerine ýetiren döwri gurnalan gozgalaňy gandöküşikli basyp ýatyrmakda aýyplanyp, şu ýylyň iýul aýynda tussag edildi. Soňra oňa bozgaklyk we terrorizm aýyplamalary ýöňkeldi.

Pakistanyň kanun goraýjy organlary “Muttahida Kaumi hereketini” häkimiýetde galmak üçin adam alyp gaçmakda, olary gynamalara sezewar etmekde we adam öldürmekde aýyplaýar. Bu hereket özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG