Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň sudy öňki resminiň emlägini ele saldy


Orsýetiň anti-doping laboratoriýasynyň öňki direktory Girgoriý Rodçenkow.

Orsýetiň anti-doping laboratoriýasynyň öňki direktory Girgoriý Rodçenkow.

Moskwanyň sudy Orsýetiň anti-doping laboratoriýasynyň öňki direktorunyň emläklerini ele geçirdi. Bu waka Girgoriý Rodçenkow Orsýetiň sportsmenleriň doping ulanmagyny döwlet derejesinde guramalaşdyrmak işine baş goşandygy barada käbir maglumatlary aýan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

25-nji awgustda Basman etrabynyň sudy Rodçenkowyň emläklerini ele salmak baradaky kararyň 12-nji awgustda çykarylandygyny aýtdy.

Öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýan Rodçenkow şu ýylyň başynda Birleşen Ştatlaryna gaçyp gidipdi. Ol 2014-nji ýylda geçirilen Soçi Olimpia oýunlary döwründe sportsmenleriň peşew netijelerini gizlemäge howpsuzlyk agentleriniň gatnaşygynyň bolandygyny barada çylşyrymly sistemany öňe sürdi.

Bütindünýä Anti-doping guramasy tarapyndan Rodçenkowyň öňe sürmeleri orsýetli sportsmenlere garşy ýöňkelýän aýyplamalary derňemekde ulanyldy.

XS
SM
MD
LG