Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymlar Ýer şaryna meňzeş planetanyň üstüni açdy


“Proksima Sentawra” atly gyzyl ýyldyzyň golaýyndaky “Proksima b” atly planetasy.
“Proksima Sentawra” atly gyzyl ýyldyzyň golaýyndaky “Proksima b” atly planetasy.

Ylmy barlagçylar Ýer şaryna meňzeş daş-gaýaly planetanyň üstüni açdylar. Bu planeta ýyldyzlaryň golaýyndan aýlanýar diýip, 24-nji awgustda “Nature”, ýagny “Tebigat” žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar.

“Proksima b” atly planeta Ýer şaryndan 25 trillion mil uzaklykda ýerleşýär. Bu planeta Güne iň golaý ýerleşýän “Proksima Sentawra” atly gyzyl ýyldyzyň daşyndan aýlanýar diýip, Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky alymlaryň topary habar berýär.

Alymlar Ýewropanyň Çilidäki Günorta obserwatoriýasynyň teleskopyndan alnan maglumatlar esasynda bu planetanyň üstüni açdylar.

“Proksima b” planetasy Ýer şaryndan 1,3 esse uly bolup, ol öz ýyldyzynyň daşyndan has ýakyn aralykda aýlanýar.

XS
SM
MD
LG