Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan dawaly territoriýanyň özüne degişlidigini öňe sürýär


Özbek-gyrgyz serhedi.

Özbek-gyrgyz serhedi.

Özbegistan gyrgyz-özbek serhedindäki dawaly bölegiň “özbek territoriýasydygyny” öňe sürüp, “Özbegistanyň çäklerinde bikanun bolan” dört gyrgyz raýatynyň tussag edilendigini aýtdy.

Özbegistanyň media serişdeleri ýurduň Içeri işler ministrliginiň 25-nji awgustda ýaýradan beýanatyna salgylanyp, tussag edilen gyrgyz raýatlarynyň tussaghana alnyp gidilendigini we olara özbek kanunçylygyna laýyklykda çemeleşiljekdigini habar berdiler.

Özbegistan Merkezi Aziýanyň iki ýurdunyň serhet araçäginde ýerleşýän dawaly territoriýanyň, ýagny Unkur-Too dagynyň özüne degişlidigini öňe sürdi.

24-nji awgustda Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Özbegistanyň Ýangi-Kurgan etrabyndaky polisiýa merkezinde saklanylýan dört gyrgyz raýatynyň goýberilmegini gazanmak ugrunda gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdylar.

Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dartgynlylyklar, 24-nji awgustda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň öz hökümetinden öňki gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan gol goýlan halkara serhet ylalaşyklaryny gözden geçirmegi soramagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG