Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Merkel G.Berdimuhamedowa basyş etmeli


 Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkmenistanda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň soňuna ýetmegi we ýurtdaky beýleki adam hukuklary problemalaryny çözmegi üçin türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa basyş etmeli diýlip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň 25-nji awgustda ýaýradan maglumatynda aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow 29-njy awgustda Berlinde kansler Angela Merkel we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary we beýleki meseleleri maslahat etmegi planlaşdyrýar.

Beýanatda Türkmenistanyň dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biridigi ýatladylyp, “hökümet başga pikirdäki adamlara çydamlylyk görkezmeýär, ähli media serişdelerini öz gözegçiliginde saklaýar we raýatlaryň daşary ýurda gitmegini öz islegine görä gadagan edýär” diýilýär.

“Bu dünýä lideri Merkel üçin Türkmenistanda öz hökümeti bilen düşünişip bilmeýän adamlaryň arkasyny almak üçin bu bir seýrek duş gelýän mümkinçilik. Merkel Türkmenistanda repressiýanyň soňuna ýetmegiň zerurdygy barada göni we netijeli gepleşikleri geçirmek üçin bu mümkinçiligi sypdyrmaly däldir” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýdýar.

XS
SM
MD
LG