Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ştaýnmaýer: Orsýet bilen täze ýarag ylalaşygyna çagyrýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer.

Germaniýanyň daşary işler ministri Moskwa bilen ýaraglary kontrol etmek barada täze ylalaşygy baglaşmaga çagyryş etdi. Bu çagyryş Orsýet we NATO tarapyndan amala aşyrylýan güýçlendirilen harby türgenleşikleriň bilmezlikden urşy oýandyrmagynyň mümkindigi barada aladalaryň artan mahalyna gabat geldi.

Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) 26-njy awgustda “Frankfurter Allgemeine Zeitung” atly nemes gazetine beren maglumatynda 2014-nji ýyldan bäri Orsýetiň onlarça ýylyň dowamynda dikelden ynam baglaryny, şol sanda parahatçylygyň esasy prinsiplerini bozandygyny aýdyp, “biziň ählimiz bu düwnüň has-da çigişmeginiň öňüni almak isleginde birleşmelidiris” diýdi.

“Biz kontinentimiziň howpsuzlygy üçin jogapkärçilige eýe bolan ähli partnýorlarymyz bilen strukturaly, gurluşly dialogy alyp barmak isleýäris” diýip, Ştaýnmaýer aýtdy.

XS
SM
MD
LG