Sepleriň elýeterliligi

Italiýa adatdan daşary ýagdaý yglan etdi


Italiýanyň halas ediş gullugynyň işgärleri, 26-njy awgust, 2016 ý.

Italiýanyň halas ediş gullugynyň işgärleri, 26-njy awgust, 2016 ý.

Italiýa azyndan 267 adamyň ölümine we başga-da 400-den gowragynyň ýaralanmagyna sebäp bolan güýçli ýer yranmasynyň bolan sebitlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ýer yranmasynyň bolan ýerlerinde halas ediş gullugynyň işgärleri ýumrulan jaýlaryň aşagynda aman galan adamlary gözlemegi dowam etdirdiler, ýöne bu babatdaky umytlar barha azalýar.

24-nji awgustda, ir sagatlarda Rimiň demirgazyk-gündogarynda bolan ýer yranmasynyň güýjüniň 6,2 bal derejesinde bolandygy, Akkumoli, Amatris, Posta we Arkuata del Tronto şäherlerinde köp jaýlaryň ýykylandygy habar berilýär.

Ýer yranmasynyň merkeziniň ýedi ýyl ozal bolan we 309 adamy öldüren 5.9 bally ýer yranmasynyň bolan ýerine, l'Akuila golaýdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG