Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan öz raýatlaryny yzyna almaga synanyşýar


Gyrgyz-özbek serhedi.
Gyrgyz-özbek serhedi.

Gyrgyz häkimiýetleri dawaly serhet etrabynda özbek polisiýasy tarapyndan tutulan dört gyrgyz raýatynyň boşadylmagyny gazanmak üçin goňşy Özbegistanyň resmileri bilen gepleşik geçirilýändigini aýdýarlar.

24-nji awgustda Gyrgyzystanyň döwlet serhet gullugy dört adamyň Özbegistanyň Ýaňy-Kurgan etrabynyň polisiýa merkezinde saklanýandygyny habar berdi.

Özbegistanyň serhet gullugy tarapyndan gepleşik geçirýänleriň aýtmagyna görä, tutulan gyrgyzlaryň howpsuzlyk ýagdaýy hakda alada edere hiç bir delil ýok.

Iki goňşy döwlet arasynda dörän dartgynlylyk netijesinde gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýyw öz hökümetinden öňki administrasiýalar tarapyndan gol çekilen halkara serhet ylalyşyklaryny täzeden gözden geçirmegi sorady.

Protest

Gyrgyz resmileri dört adamyň Özbegistanyň polisiýa işgärleri tarapyndan 22-nji awgustda Ungar-Too diýilýän dagda tutulandygyny aýdýarlar.

Ungar-Too iki döwletiň arasynda serhet boýundaky dawaly territoriýada ýerleşýär. Tutulan adamlar hem şol ýerde ýerleşýän Kerbandaky gyrgyz radio we telewideniýe peredatçiginiň işgärleri.

Kerban ozal hem tolgunmalar turup, Gyrgyzystan Hytaý bilen täze araçäk meselesinde ylalaşylanyndan soň bu ýurda golaýdaky daglardan ýer berenligi sebäpli turan gaharly protestlerde polisiýanyň protestçilere ot açan ýeri.

Üstümizdäki aý Özbegistanyň öz polisiýa işgärlerini ýerleşdirmegi golaýdaky gyrgyz obalarynyň ýaşaýjylarynyň Jalal-Abat welaýatynyň Aksy etrap merkezinde protest geçirmegine getirdi.

Ýerli gyrgyzlar 23-nji awgustda etrapdaky hökümet merkeziniň öňüne ýygnanyp, häkimiýetleriň dawany çözmegini talap etdiler.

“Olar indi öz depämizde oturan ýaly”

Ustukan obasyndan demonstrasiýalara gatnaşan Maýran Akkulyýewa demonstrantlaryň Özbegistanyň polisiýa işgärleriniň regiondan çekilmegini hem talap edendiklerini aýdýar.

Akkulyýewa: "Biz iki sany wertolýotyň esgerleri daga getirenini gördük. Dag biziň obamyzyň edil depesinde ýerleşýär. Olar indi öz depämizde oturan ýaly" diýdi.

Ol soňra hem: "Biz gorkýarys, indi nämeler bolar, bilemzok" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

24-nji awgustda Gyrgyzystanyň serhet gullugy regionda üýtgän zadyň ýokdugyny aýtdy.

Atambaýywyň aýtmagyna görä, goňşy ýurtlar bilen baglaşylan serhet geleşikleriniň käbiri ýa aýyl-saýyl däl, ýa-da olara jemgyýetçiligiň ýa parlamentiň razylygy alynman gol çekilipdir.

Ol: "Gyrgyzystanyň milli bähbitlerini goramak üçin edilýän häzirki tagallalarda öňki serhet ylalaşyklary oňaýsyz rol oýnaýar" diýdi.

Bu aralykda, Jalal-Abatdaky ýerli häkimiýetler regionda täze radio we telewideniýe peredatçiginiň gurulýandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG