Sepleriň elýeterliligi

Erdogan hakda kinofilm


"Reis" atly kinofilmiň gysgajyk mazmunly wideolaryndan bir pursat.

"Reis" atly kinofilmiň gysgajyk mazmunly wideolaryndan bir pursat.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň durmuşy barasynda surata düşürilen "Reis" atly kinofilmiň gysgajyk mazmunly wideolary türk dilli internet ulgamlarynda ýaýradylmaga başlandy.

Kinofilmiň režissýory Hüdawerdi Ýawuz, prodýusseri bolsa Ali Awjy. Kinofilmde wakalar 1933-nji ýyllardan başlanýar we onuň dowamynda Erdoganyň çagalyk hem ýaşlyk ýyllary, Stambulyň şäher häkimi bolup işlän döwri bolan 1999-njy ýyla çenli başdan geçirenleri mazmun görnüşinde görkezilýär.

"Cumhuriyet" gazetiniň ýaýradan maglumatyna görä, "Reis" atly kinofilm 5 bölümden ybarat bolar we onuň ilkinji bölüminiň çykdajysy 5 million dollara barabardyr. Kinofilmiň umumy harajaty bolsa 8 million dollardyr.

Kinofilmde Rejep Taýyp Erdoganyň roluny Reha Beýogly, aýaly Emine Erdoganyň roluny bolsa Özlem Baljy ýerine ýetirýärler.

"Reis" kinofilminiň 14-nji oktýabrda halk köpçüligine hödürlenmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG