Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz oppozision hereketiniň agzalary sud edilýär


Bekbolot Talgarbekow (Çepden ikinji).

Bekbolot Talgarbekow (Çepden ikinji).

26-njy awgustda Gyrgyzystanda oppozision “Halk parlament hereketiniň” bäş agzasynyň sud diňlenişigi geçirilýär.

Bekbolot Talgarbekow, Torobaý Kolubaý, Marat Sultanow, Aleksandr Gusew we Toýgonbek Kalmatow hökümeti agdarmak üçin dildüwşük etmekde sud edilýär.

Gyrgyz häkimiýetleri gürrüňi edilýän hereketiň liderleriniň we agzalarynyň şu ýylyň maý aýynda Bişkekde geçirilmegi planlaşdyrylan ýörişler döwründe häkimiýeti ele geçirmegi planlaşdyrandygyny öňe sürdi.

Bu hereketiň käbir agzalary planlaşydyrylan ýöriş geçirilmezden öň, käbirleri bolsa soňky aýlarda tussag edildi.

"Halk parlament hereketiniň” bäş agzasynyň sud diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Gyrgyzystanda iki gezek hökümet agdarylyşygy boldy. Olaryň biri 2005-nji ýylda, beýlekisi 2010-njy ýylda bolupdy.

XS
SM
MD
LG