Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Bombaly ulag partladyldy, 11 adam öldi


Türkiýäniň Jizre şäherçesindäki ýörite polisiýa güýçleriniň merkezi binasynyň ýerleşýän ýeri. 26-njy awgust, 2016 ý.

Türkiýäniň Jizre şäherçesindäki ýörite polisiýa güýçleriniň merkezi binasynyň ýerleşýän ýeri. 26-njy awgust, 2016 ý.

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky polisiýa merkeziniň daşynda bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde azyndan 11 polisiýa ofiseri öldi we başga-da 78 sanysy ýaralandy.

Bu partlama 25-nji awgustda Türkiýäniň Siriýa we Yrak bilen serhediniň golaýyndaky Jizre şäherçesinde boldy. Bu şäherçäniň ilatynyň aglabasy kürtlerden ybarat.

Partlamanyň netijesinde Jizre şäherçesindäki ýörite polisiýa güýçleriniň merkezi binasyna güýçli zeper ýetdi. Telewideniýede görkezilen wideo şekillerde partlamanyň bolan ýerinden gara tüssäniň ýokary galýandygy görkezildi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Emma Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi partlamanyň “Kürdüstan Işçiler partiýasy” (PKK) tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy. Bu partiýa Türkiýe, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar tarapyndan terroristik gurama diýlip hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG