Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW aktiwist Umerowyň goýberilmegini talap edýär


Ilmi Umerow
Ilmi Umerow

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda zor bilen psihiatrik, ruhy taýdan näsaglaryň keselhanasyna ýerleşdirilen krym tatarlarynyň aktiwistiniň boşadylmagyny talap etdi.

26-njy awgustda ýaýradan hasabatynda “Human Rights Watch” guramasy Krymyň Orsýet tarapyndan goldanylýan häkimiýetlerini Ilmi Umerowa garşy ýöňkelen toslama aýyplamalary ýatyryp, ony zerur bolan medisina kömegi bilen üpjün etmäge çagyrdy.

Krym Tatarlarlynyň öz-özüni dolandyrýan organy - Mejlisiň başlygynyň öňki orunbasary Umerow Orsýetiň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň ýarymadasyny anneksiýa etmegine garşy çykyş etmeginiň yzýany, ýagny maý aýynda separatizmde aýyplandy.

59 ýaşyndaky Umerowyň dogan-garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, ol diabet, ýagny süýji keselinden we ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG