Sepleriň elýeterliligi

Kerri we Lawrow Ženewada Siriýany maslahat edýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s)

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s)

Kerri we Lawrow Jenewa duşuşygynda Siriýa hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gelmegi maksat edinýärler

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow Awgustyň 26-syna Jenewada geçiriljek gepleşikler mahalynda, Siriýada Yslam döwletine garşy söweşmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gelmäge çalyşarlar diýip, resmiler belleýärler.

Kerri ylalaşygyň, Siriýadaky harby çaknyşyklaryň duruzylmagyna we ýurtdaky täze hökümete geçmek boýunça gepleşikleriň täzeden başlamagyna getirjekdigine umyt edýändigini aýytdy.

Şu hepdede Kerri Lawrow bilen gepleşikleriniň, 'her niçigem bolsa', ahyryna golaýlaýandygyny aýtdy. Amerikan resmileri Jenewa gepleşiklerinden düýpgöter täze ylalaşygyň çykmagynyň mümkindigini aýtmakdan çäklendiler.

Orsýetiň Daşary işleri ministrligi, ABŞ-nyň Siriýada Al-Kaida bilen baglanşykly Nusra topary fronty bilen söweşmäge meýilli däldigini, giňişleýin ylalaşygy bökdeýändigini şu hepdede belläp geçdi.

Emma 25-nji Awgustda, Orsýetiň BMG-daky ilçisi Moskwanyň entegem Waşington bilen Siriýadaky himiki ýaraglar bilen bagly wakalar we beýleki meseleler boýunça işleşmek isleýändigini ylalaşmak bilen belledi.

Şeýle hem Orsýet 25-nji Awgustda, BMG-nyň ynsanperwerlik kömegini paýlamagy üçin Halabyň söweş frontynda ok atyşygyny her hepde 48 sagatlyk wagtlaýyn bes etmäge razydygyna BMG-ny ynandyrmak bilen, ylalaşyga gelmek isleýändiginiň yşaratyny berdi.

Kerri Siriýa boýunça hyzmatdaşlyk gepleşiklerini iýul aýynda Moskwa eden sapary mahalynda başlapdy. Onuň teklibine, Yslam döwletine garşy howa hüjümlerini utgaşdyrmak üçin gizlin maglumatlary paýlaşmak we Siriýanyň harby howa güýçleriniň maýda gozgalaňçylara garşy hüjümlerini bes etdirmek üçin, olaryň uçmagyny gadagan etmek girýärdi.

Kerri öz planynyň, müňlerçe Siriýalynyň Ýewropa gaçybatalga mejbur edýän harby çaknyşyklary we on müňlerçe adama ynsanperwerlik kömeginiň ýetmegine päsgel berýän şertleri çäklendirmäge iň gowy mümkinçiliginiň bardygyna, şeýle hem şol planyň Siriýada uzak möhletleýin syýasy çözgüde şertleriň döredilmegine eltip biljekdigine ynanýar.

Waşington bilen BMG-nyň parahatçylyk boýunça ylalaşdyryjylary Siriýanyň Prezidenti Başar al-Assadyň esasy goldawçysy bolan Orsýet bilen ylalaşygyň,

Siriýada saýlawlara ýetirip biljek geçiş hökümetini döretmek boýunça gepleşikleri janlandyrjagyna umyt edýärler.

BMG-nyň Siriýa boýunça ilçisi Staffan de Mistura 25-nji awgustda Jenewada, Kerri bilen Lawrowyň duşuşygynyň 'möhüm' we ' Siriýa boýunça syýasy prosesiň täzeden başlamagy üçin BMG-nyň syýasy inisiatiwalaryna hökmany suratda täsir etjekdigini' žurnalistlere aýtdy.

De Mistura Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşiklerini aprel aýynda Aleppoda harby çaknyşyklar başlanyndan soň togtadypdy. Şondan bäri Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň gatnaşmagynda alnyp barlan ýurt boýunça ok atyşygynyň bes edilmegi şowsuzlyga uçrady.

Orsýetiň ýarany bolan Siriýanyň ylalaşyga taýýardygynyň alamaty hökmünde, siriýaly gozgalaňçylar we hökümet güýçleri 25-nji awgustda gabalan Damaskyň etegindäki Daraýadan ýaşaýjylary we gozgalaňçylary ewakuirlemek bilen, söweşiň iň bir uzak çaknyşygyny tamamladylar.

AP, Reuters we AFP-nyň bilelikde habar bermeginde taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG