Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan HAEG-nyň ýanynda hemişelik wekilhanasyny açýar


Türkmenistan halkara atom energiýasy gullugynyň ýanynda hemişelik wekilhanasyny açýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky permana 26-njy awgustda, Ministrler kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, türkmen mediasy habar berdi.

Şeýle-de prezident Türkmenistan bilen HAEG-nyň arasynda milli utgaşdyryjy edarany bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Täze döredilen hemişelik wekiliň wezipesine Türkmenistanyň Awstriýa respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi S.Nurberdiýew bellenildi.

Bulardan başga, türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýanyň paýtagtyParižde makullanylan Pariž ylalaşygyna hem-de Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Lýuksemburg hökümetiniň arasyndaky ylalaşyga türkmen tarapyndan gol çekilmegine ygtyýar berdi.

XS
SM
MD
LG