Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada Siriýa ylalaşygy baglaşylmady


Waşington we Moskwa Siriýadaky ýaraşygy gaýtadan ýola goýmak baradaky ylalaşyga golaý geldi, emma 26-njy awgustda Ženewada baş diplomatlaryň arasynda uzak güne çeken maslahatdan soň bu ylalaşygy yglan etmekden kemter gaýtdy.

«Biz ylalaşyga golaý geldik» diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 12 sagada çeken gepleşiklerden soň aýtdy. «Emma biz bu şertnama siriýa halkynyň isleglerini we zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmasa, ylalaşyga gyssanmarys» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kerri «biz duşmançylyklary bes etmegiň täze usullaryny tapmakda aýdyňlyk gazandyk» diýdi. Ol ýaraşyga bökdençlik döredýän meseleleriň uly toparynyň çözülendigini, emma käbir meseleleriň çözülmän galandygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem öz amerikan kärdeşi bilen bir hörpden gopdy we žurnalistlere zorluk-sütemi togtatmak ylalaşygy üçin «örän möhüm ädimleriň» ädilendigini aýtdy.

"Men öz bilelikdäki tagallalarymyzyň ýakyn wagtda miwe berjegini pikir edýärin” diýip, Lawrow aýtdy.

Ol ýerde BMG-niň araçylyk etmegindäki parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryndan öň uruşdan tozan ýurtdaky söweşleri togtatmak barada bir ylalaşygyň yglan edilmegine umyt baglanýardy.

Emma Kerri özleriniň, Moskwa bilen Waşingtonyň fewralda araçylyk eden öňki ýaraşygyndan soň bolşy ýaly, basym ýene düzgüni bozuljak gyssanmaç ylalaşyk baglaşmak islemändiklerini nygtady.

XS
SM
MD
LG