Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Owganystanyň Jany Hel etrabyny basyp aldy


Jani Hel
Jani Hel

«Talyban» günorta-gündogar Owganystanda, Pakistanyň serhediniň boýundaky bir etraby ele geçirdi.

Jeňçiler 26-njy awgust güni giçlik owgan howpsuzlyk güýçleri bilen bolan agyr çaknyşyklardan soň, Paktia welaýatynyň Jani Hel etrabyny basyp aldylar.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Nakibulla Atal etrabyň synandygyny tassyklady we çaknyşyklarda azyndan 5 polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, ýene bäşisiniň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Etrap häkimi Abdul Rahman Solamal Jani Hel «Talybanyň» öňünde merkezi hökümetiň we welaýat ýolbaşçylarynyň ýeterlik derejede goşmaça goldaw ibermändigi sebäpli ýan berdi diýdi.

Solamal jeňçileriň etraby ele geçirip, öz ofisini we hökümet işgärleriniň we polisiýa ofiserleriniň öýlerini otlandygyny gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG