Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Ammarda bolan ýangynda 17 adam öldi


Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary Moskwada bir ammarda bolan ýangynda gyrgyzystanly migrant işçileriň 17-siniň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Çaphana ammaryndaky ýangyn 27-nji awgustda irden, rus paýtagtynyň demirgazyk-gündogarynda turdy.

Häkimiýetler ýanyk ýaraly dört adamyň hassahana alnyp gidilendigini, ýene 12 adamyň bolsa ýangyndan halas edilendigini aýtdylar.

"Ýangyn söndürilýän wagty ot-ýalnyň bir otag bilen arany kesendigi belli boldy» diýip, TASS habar gullugy adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýerli bölüminiň metbugat gullugyna salgylanyp ýazdy.

«Ýangyn söndürijiler aralykdaky diwary ýykanlarynda, ol ýerde 16 adamyň ölendigini gördüler» diýip, habarda aýdylýar.

TASS-yň maglumatyna görä, ýangynyň pidalary zähmet migrantlaryna meňzeýär.

XS
SM
MD
LG