Sepleriň elýeterliligi

Tähran nebit önümçiligini dikeltmek maksadyndan dänmez


Bijan Namdar Zanganeh

Bijan Namdar Zanganeh

Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh Tähran nebit nyrhlaryny goldamakda OPEK agzalary bilen işleşer, emma ýyllara çeken sanksiýalar sebäpli pese gaçan nebit önümçiligini dikeltmek maksadyndan dänmez diýdi.

Ministrligiň ŞANA habar gullugynyň maglumatyna görä, Zanganeh «Eýranyň nebit bazarynyň durnuksyzlaşmagynda hiç bir rolunyň bolmandygyny» aýdypdyr."

Bazarda durnuksyzlyk dörände [2014-nji ýylda], Eýranyň nebit eksporty her günde bir million barrelden hem azdy" diýip, ol aýdypdyr.

"Biz şol bazary durnuksyzlyga salanlaryň nebit bahalarynyň durnuklylygyny dikeltmekde has uly jogapkärçilik çekmegine garaşýarys, Eýran bazar üçin öz pidakärligini etdi, emma indi Eýranyň gezegi däl» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tähran ýanwarda sanksiýalar aýrylaly bäri nebit eksportyny her günde 2.7 million barrele çenli köpeldendigini aýdýar. Bu ýurduň sanksiýa döwründe her gün 1 million barrel bolan nebit eksporty iýulda günde 3.6 million barrele ýetdi.

Eýranyň sanksiýalardan öňki nebit eksporty günde 4 million barrele barabardy.

XS
SM
MD
LG