Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow sport ýolbaşçylygyny täzeçe gurmagy talap edýär


Stadionda geçirilýän çäre
Stadionda geçirilýän çäre

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň sport ýolbaşçylygyny kämilleşdirmegi talap etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident dünýäde sporty ösdürmek üçin türkmen döwleti ýaly köp serişde goýberýän ýurduň ýokdugyny aýtmak bilen, Braziliýada geçirilen Olimpia oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň gowy netije gazanyp bilmezliginiň esasy sebäbini «ýaramaz ýolbaşçylyk» we «türgenleri taýýarlamagyň pesligi» bilen baglanyşdyrdy.

Döwlet baştutany wise-premýer S.Toýlyýewden ýurtda sport bilen bagly problemalaryň düýpli seljerilmegini we bu ugurdaky ýolbaşçylygyň täzeçe guralmagyny talap etdi.

Berdimuhamedow bu ugurda watanyň abraýyny galdyrmak üçin jany-teni bilen işleýän adamlaryň ýolbaşçylyk etmelidigini aýtdy.

Prezident biraz öň ýurduň sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýidowa «goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi üçin» käýinç we soňky duýduryşyny beripdi.

XS
SM
MD
LG