Sepleriň elýeterliligi

Prezident 'üstünlik wagyzlaryny' güýçlendirmäge çagyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň «gazanan ajaýyp üstünliklerini» has giňden wagyz etmek üçin dünýäniň iri we abraýly žurnalistler guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrýar.

Türkmen prezidenti 26-njy awgustda geçiren hökümet maslahatynda häzir ýurtda örän uly taslamalaryň amala aşyrylýandygy, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň tanalmaz ýaly özgerýändigi barada öňden aýdyp gelýän sözlerini gaýtalady.

Ol öz sözüne delil edip, täze obalaryň we şäherleriň peýda bolýandygyny, iri köprüleriň, howa menzilleriniň, mekdepleriň... giň gerim bilen gurulýandygyny mysal getirdi.

Şeýle-de prezident iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň döredilýändigini aýtdy, emma iş orunlarynyň döredilişi, raýatlaryň işlemek we gazanç etmek mümkinçilikleriniň ýokarlanyşy barada anyk sanlary getirmedi.

Şeýle-de prezident Aşgabadyň «häzirki zaman işewürler şäherine öwrülendigini», ýöne muňa garamazdan, gazanylýan ajaýyp üstünlikleri dünýäde köp adamyň bilmeýändigini öňe sürdi.

Ol daşary ýurtlara sapara baranda, bu üstünlikleriň halkara habar giňişliginde näme üçin az beýan edilmeginiň sebäbini soraýandyklaryny aýdyp, iri we abraýly halkara žurnalistler guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, iri žurnalistler guramalary bilen hyzmatdaşlyk «habarlary dünýäde yzygiderli ýaýratmagyň iň netijeli usuly bolup durýar».

Eger Türkmenistan abraýly žurnalistler guramalarynyň agzasy bolsa, Aşgabadyň «gazanan ajaýyp üstünlikleri baradaky habarlary» bu guramalara girýän habar beriş serişdeleriniň üsti bilen derrew dünýä ýaýradyp bolar diýip, prezident pikir edýär.

Ýöne prezident, bu hili hyzmatdaşlygy guramak üçin, ýurduň habar beriş serişdelerini hem üýtgedip gurmaly, ozaly bilen hem «ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaly» diýip pikir edýär.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde edilen gürrüňden çen tutulsa, mundan eýläk TDH-nyň işgär sany artdyrylyp, olaryň ýarysy ýurduň içi, beýleki ýarysy bolsa ýurduň daşy üçin habarlary taýýarlar.

Türkmenistan metbugaty doly döwlet kontrollygynda saklamakda, ýurtda söz, metbugat azatlygyny çäklendirmekde, daşary ýurt neşirleriniň ýurda aralaşmagyna bökdençlik döretmekde tankyt edilýär.

Emma prezident indi ýurtda birnäçe garaşsyz habar agentligini döretmek teklibiniň hem bardygyny dile getirdi. Şol bir wagtda ol ýurduň ähli internet neşirleriniň döwlet habarlar agentliginiň garamagyna berilmelidigini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG