Sepleriň elýeterliligi

Türk uçarlary Siriýada kürt pozisiýalaryny urýar


Türk tanklary Siriýa girýär.

Türk tanklary Siriýa girýär.

Türkiýäniň söweş uçarlary 27-nji awgustda demirgazyk Siriýada ABŞ tarapyndan goldanylýan kürt güýçleriniň pozisiýalaryny bombalady.

Siriýanyň düýbi Londonda ýerleşýän Adam hukuklary obserawtoriýasy türk uçarlarynyň we toplarynyň al-Amarna obasyny bombalandygyny aýtdy.

Bu ýer birnäçe gün öň Siriýanyň demokratik güýçleri, esasan ABŞ-nyň howa zarbasy tarapyndan goldanylýan kürt ýaranlygnyň eline geçipdi.

Siriýanyň demokratik güýçleriniň bir bölegi bolan Jarablus harby geňeşiniň beýanatynda bu hüjümiň obada asuda adamlaryň ölümine sebäp bolandygy we munuň sebitiň ykbalyna wehim salýan howply hereketdigi aýdylýar.

Bu oba 25-nji awgustda «Yslam döwleti» ekstremist toparyndan Türkiýäniň goldaýan siriýa pitneçileri tarapyndan basylyp alnan Jarabulus serhet şäheriniň 8 km günortasynda ýerleşýär.

Bir gün öň türk tanklary we bronly harby maşynlary, YD jeňçi toparyny serhet sebitinden kowmak we kürt milisiýasynyň territoriýa eýelemeginiň öňüni almak operasiýasynyň çäginde, serhetden aşyp, Siriýanyň içine girdi.

XS
SM
MD
LG