Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrak: türkmen mugallymlary hyzmatdaşlyk isleýär


Yrakly türkmenler

Yrakly türkmenler

Yrakda ýaşaýan etniki türkmenler dünýä türkmenleriniň arasynda iş ýüzünde syýasy hem jemgyýetçilik işlerinde baý tejribä eýe diýlip hasaplanylýar.

Türkiýedäki jemgyýetçilik guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan, hökümete degişli bolmadyk "Yrakda magaryf we medeniýeti kämilleşdirmek" jemgyýetiniň (DECO) başlygy Ahmed Ýakub, Ankara seminara gelen yrakly türkmen mugallymlary bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutup, dünýä türkmenleri bilen öz tejribelerini paýlaşyp, olara hyzmatdaşlyk islegini ýetirmek isleýändiklerini aýan etdi.

Ýogsa-da, yrakly türkmen mugallymlaryny döwlete degişli bolmadyk gurama döretmäge mejbur eden ýagdaý ýa-da ýagdaýlar näme?

Yrakly türkmenler jemgyýetçilik hereketiniň üsti bilen näme maksat edinýärler we göz öňünde tutýan maksatlaryna nä derejede ýetipdirler?

Azatlyk radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany şu meselelere bagyşlandy.

XS
SM
MD
LG