Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Hassahana ýangynynda bir adam öldi


Töwriz

Töwriz

Eýranyň döwlet mediasy ruhy hassahanada bolan ýangynda bir adamyň ölüp, 35-siniň ýaraly bolandygyny habar berýär.

Resmi IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, 27-nji awgustda irden Töwriz şäherinde ýangyn turdy.

IRNA Töwriziň ýangyn söndürijiler bölüminiň wekiliJali Sattarä salgylanyp, bir adamyň goýy tüssede we kapas ýerdegalyp ölendigini aýdýar.

Häkimiýetler bu ýangyna golaýda howpsuzlyk düzgünlerini äsgermezlik etmek netijesinde bolan partlamalaryň sebäp bolandygyny aýtdylar.

24-nji awgustda Eýranyň Ahwaz şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolan gaz partlamasy alty adamy öldürip, 11 adamy ýaralady.

XS
SM
MD
LG