Sepleriň elýeterliligi

Rus žurnalisti Kiýewde öli tapyldy


Kiýew, garaşsyzlyk güni, 24-nji awgust, 2016

Kiýew, garaşsyzlyk güni, 24-nji awgust, 2016

Ukrainadan berilýän habarlarda Kiýewde ýaşaýan rus žurnalisti, “Nowyý Region» habar gullugyny döreden Aleksandr Şetininiň öz kwartirasynda öli tapylandygy aýdylýar.

Ukrain polisiýasy özleriniň Şetinin özüni heläkländir diýip güman edýändiklerini aýtdy.

Häkimiýetler Şetininiň dostlarynyň 28-nji awgustda, doglan gününi gutlamak üçin, Kiýewiň Konstantinowskaýa köçesindäki jaýyna baranlarynda, ony öli tapandyklaryny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ol balkondaky kürside oturan ýerinde, kellesinden ok geçip ölüpdir we ýerde ýarag ýatan eken.

Polisiýa Şetininiň öz žurnalist kärdeşlerine elektron hat ýazyp, özüni öldürmek niýetini jar edendigini hem aýdýar.

XS
SM
MD
LG