Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa 2016-da 250 müň bosguna garaşýar 


Bosgunlar
Bosgunlar

German resmisi hökümetiň 2016-njy ýylda 250 müňden 300 müňe çenli bosgunyň gelmegine garaşýandygyny aýtdy.

Migrasiýa we bosgunlar baradaky federal edaranyň başlygy Frank-Juergen Weise bu sözleri 28-nji awgustda «Bild am Sonntag» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Germaniýa «bosgun» terminini adatça kabul edilen bosgunlar we bosgun durumyny almakçy bolan migrantlar babatda deň ulanýar.

Weise Germaniýa geçen ýyl milliondan sähel az bosgunyň gelendigini aýtdy. Ol gelen migrantlaryň 70 prosent çemesiniň işe ýaramlydygyny, emma köpüsiniň işlär ýaly bolýança döwletiň sosial kömegine daýanmaly boljakdygyny aýtdy.

Ol köplük bolup gelen adamlaryň doly integrirlenmeginiň wagt aljakdygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG